Soňky habarlar

Horlanmak üçin iň gowy sport görnüşleri atlandyryldy

Soňky geçirilen ylmy barlaglar sportuň käbir görnüşleriniň artykmaç agram bilen göreşmekde has netijeli kömek edýändigini tassyklady. Onuň peýdasyny ata-baba semizlikden kösenýänler hem duýýarlar.

Taýwan uniwersitetiniň alymlary 30-70 ýaş aralygyndaky ýaşaýjylaryň 18-müňüsinde doly gözegçiligi amala aşyrypdyrlar. Olar gözegçilik edilýänleriň her biriniň bedeninde näçe göterim ýag bardygyny, biliniň hem-de butlarynyň ölçeglerini, semremek bilen baglanyşykly genleriň mukdaryny hasaplapdyrlar. Alynan maglumatlaryň esasynda alymlar semremek ähtimallygynyň indeksini işläp düzdüler, onuň kömegi bilen adam bedeniniň semremäge meýilliligini kesgitlemek mümkin diýip, PLOS Genetikcs žurnaly ýazýar.

Soňra ylmy-barlagyň ikinji bölümi başlanypdyr. Ylmy-barlagda synag edilýänleriň ählisine sportuň iň giňden ýaýran görnüşleri bilen hepde-de üç gezek 30 minutlap meşgullanmagy haýyş edipdirler. Ol görnüşler ylgaw, ýoga, alpinizm, tans, suwda ýüzmek, tennis we beýleki görnüşler bolupdyr. Alymlar «semremek  üçin oňaýly genleri» bolan adamlaryň yzygiderli bedenterbiýe bilen meşgullanmak arkaly agramlaryny ýeňledip boljagy barada meseläni çözmek isläpdirler.

Barlagyň netijesinde teklip edilen 18 görnüşiň diňe bäşisi semremegiň öňüni almakda peýdaly bolup çykypdyr. Ylgaw, tans, alpinizm, ýoga, sport ýörişi bilen meşgullananlar, hatda genleri semremek üçin oňaýly bolsa-da artykmaç agramlaryny aýrypdyrlar.

www.volg.mk.ru