Türkiýäniň Gaziantep şäherinde Naim Süleýmanoglunyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen Agyr atletika boýunça halkara ýaryşy tamamlandy. Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy üstünlikli çykyş edip, dürli görnüşli medalara mynasyp boldy.
Bu wekilçilikli ýaryş 2020-nji ýylyň tomsunda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin saýlama tapgyr bolup durýar. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy bu bäsleşige ykjam taýýarlyk gördi. Netijede, Kristina Şermetowa, Seýitjan Mirzaýew we Gülnabat Kadyrowa bäsleşigiň ilkinji günleri hormat münberine çykmagy başardylar.
Ýaryşyň jemleýji böleginde Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Aýsoltan Toýçyýewa 87 kilograma çenli agramda itip götermekde (116 kg) bürünç medal gazandy.
Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň agyr atletika tälimçisi Hojamuhammet Toýçyýew bolsa +109 kilograma çenli agramda iki görnüşiň jemi boýunça bürünç medal gazandy. Ol silkip götermekde (176 kg) 2-nji orna, itip götermekde (227 kg) hem 3-nji orna düşdi.
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Tokio Olimpiadasyna taýýarlyk işlerini dowam etdirýär.
www.msy.gov.tm