«Figeýrense» toparynyň derwezeçisi Pegorari «Ponte-Preta» bilen bolan oýunda haýran galaýmaly ýagdaýda derwezesini goldan gorady.
Braziliýanyň B seriýasynda «Ponte-Preta» bilen «Figeýrense» toparlarynyň arasynda bolan duşuşykda (1:3) ynanyp bolmajak ýagdaý bolup geçdi. Myhmanlaryň derwezeçisi Pegorari derwezäniň daş tarapyndaka derwezesini geçäýmeli goldan gorady.
Duşuşygyň ahyrynda ýer eýeleri garşydaşlary bilen aratapwudy azaltmak üçin hüjüm edýärdiler, ýöne «Figeýrenseniň» derwezeçisi toparyny geçäýmeli goldan halas etdi. Top derwezäniň sütünüstine degdi hem-de derwezäniň çyzygynyň üsti bilen tigirlendi. Derwezeçi bolsa bu mahal alynky çyzygyň daşyna ýykylypdy, ýöne şeýle-de bolsa ol özüni ýitirmedi hem-de toruň daş tarapyndan elini uzadyp, derwezäň iç ýüzündäki topy yzyna gaýtardy.
www.sport.ua