Şu günler Tokio Olimpiadasynyň saýlama ýaryşlary dowam edýär. Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndysy Türkiýäniň Gaziantep şäherinde guralan saýlama ýaryşa gatnaşyp, ýokary netijeleri gazandy. 3 gezek Olimpiýa çempiony Naim Süleýmanglunyň ýadygärligine bagyşlanan halkara ýaryş 15-17-nji noýabry aralygynda geçirilip, agyr atletikaçylarymyzyň 3-si hormat münberine çykdylar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Kristina Şermetowa 55 kg. agram derejesinde çykyş edip, silterläp 87 kg. göterip 1-nji orna we altyn medala, itekläp 113 kg. göterip 1-nji orna we altyn medala, umumylykda 190 kg. jemläp 1-nji orna we altyn medala mynasyp boldy.
Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Dänew şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Seýitjan Mirzaýew 61 kg. agram derejesinde çykyş edip, silterläp 122 kg. göterip 1-nji orna we altyn medala, itekläp 143 kg. göterip 2-nji orna we kümüş medala, umumylykda 265 kg. jemläp 2-nji orna we kümüş medala eýelik etdi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Gülnabat Kadyrowa 76 kg agram derejesinde çykyş edip, silterläp 98 kg. göterip 1-nji orun we altyn medal, itekläp 120 kg. göterip 2-nji orun we kümüş medal, umumylykda 218 kg. jemläp 2-nji orun we kümüş medal gazandy.
24 döwletden 100-e golaý türgeniň gatnaşýan Tokio Olimpiadasynyň saýlama ýaryşynyň dowam edýändigini ýatladýarys.