Soňky habarlar

Türkmenistan bilime we sporta bagyşlanan Halkara foruma taýýarlanýar

Aşgabatda bilime we sporta bagyşlanyp «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» ady bilen Halkara sergi we ylmy maslahat (14-15.11.2019) geçiriler.
Şu halkara serginiň we ylmy maslahatyň esasy maksady bilim, bedenterbiýe we sport ulgamlaryny ösdürmäge ýardam bermekden hem-de bu babatda wajyp ugurlar bilen tanyşdyrmakdan, öňdebaryjy tehnologiýalary ilerletmekden hem-de okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga, sport-sagaldyş hereketiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýän peýdaly usullary ornaşdyrmakdan ybaratdyr. 
Bilime we sporta bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat Türkmenistanyň dünýäniň bitewi bilim giňişligine sazlaşykly goşulyşmagyna, döwletimiziň sport edaralarynyň daşary ýurtlaryň degişli guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, bilim we sport ulgamlarynda gazanylanlaryň wagyz edilmegine, şeýle hem ýurdumyzyň hünärmenleriniň netijeli ulanmaklary üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegine  ýardam edýän täsirli çärä öwrüler. Sebäbi hormatly Prezidentimiz bu meselelere aýratyn üns berýär. 
Halkara forum 14-nji noýabrda öz işine başlar. 

www.msy.gov.tm