«Mançester sitiniň» derwezeçisi Kaýl Uoker Çempionlar ligasynyň «Atalanta» bilen geçirilen oýnuny (1:1) derwezeçiniň ornunda tamamlady.
Arakesmede «şäherlileriň» esasy derwezeçi Ederson şikes zerarly ätiýaçdakylaryň hataryna goşulmaly boldy. Onuň ornuna meýdança giren Klaudio Brawo bolsa 81-nji minutda jerime meýdançanyň çäginde Ýosip Iliçiçe garşy gödek oýnap, «gyzyl petek» aldy.
«Sitiniň» oýna gatnaşmaly oýunçylarynyň sanawynda başga derwezeçi ýoklugy sebäpli Riýad Mareziň ornuna Uoker girip, derwezeçiniň eşigini geýipdir.
Oýnuň galan wagtynda derweze goramaly bolan goragçy derwezesine pökgi goýbermändir. Ol birnäçe gezek howply pursatlary, bir sapar bolsa jerime urgusyndan soňra dörän howply pursaty aradan aýrypdyr. Duşuşyk 98-nji minutda tamamlanypdyr.
Klaudio Brawo Çempionlar ligasynyň taryhynda ätiýaçdan oýna girip, «gyzyl petek» alan ilkinji derwezeçi boldy.
www.sports.ru