Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde taýýarlaýan «Sport metbugatda» atly gepleşigi her hepdäniň başynda ýaýlyma goýberilýär.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi web-saýtynda, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda we «Türkmen sporty» gazetinde sport wakalarynyň şöhlelendirilişinden söhbet açýan bu gepleşik Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýazgy edilýär.
Ýurdumyzda sportda gazanylýan üstünliklere Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň mynasyp goşantlaryny goşýandyklary, bu ýokary okuw mekdebinde sport žurnalistikasy hünäriniň öwredilýändigi üçin bu gepleşige TDBSI-niň sport žurnalistikasy hünäriniň talyplarynyň işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek gerek.
Şeýle-de, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň we «Türkmen sporty» gazetiniň jogapkär işgärleriniň «Sport metbugatda» atly gepleşigi alyp barýandyklaryny we onuň ýazga geçirmek işlerine işjeň gatnaşýandyklaryny bellemelidiris.
«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň yhlasly zähmeti bilen gepleşigiň tomaşaça has täsirli bolup ýetmegi ugrunda tagalla edilýär.