Soňky habarlar

Sport neşirleri halkara sergi-ýarmarkasynda

Türkmenitanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty gecirilýär.

Däbe öwrülen sergide ýurdumyzda neşir önümlerini öndürmekde edilýän işler, ýetilýän sepgitler öz beýanyny tapýar. Hususanda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden şöhlelendirilipdir. Bularyň ählisi bilen milli önüm öndürijileriň, edara-kärhanalaryň, ministrlikleriň, şol sanda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň  pawilýonlaryny synlan wagtyň ýakyndan tanyşmak bolýar.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň “Türkmenistan Sport” halkara žurnaly bilen “Türkmen sporty” gazetiniň hem ýurdumyzda çap edilýän neşirleriň arasynda özüniň mynasyp orny bardyr. Sport gazetiniň we žurnalynyň mazmun taýdan hem, çap edilişiniň hili babatda hem dünýä ülňülerine laýyk bolmagy üçin tagalla edilýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň pawilýonlary hem özüne çekýär. Olaryň arasynda Aziýa yklymyna, Ýewropa wekilçilik edýän kompaniýalar, neşirýatlardyr çaphanalar bar. Türkmen okyjysyny özüneçekjek döwrebap kitaplaryň sergisinden başga-da, bu gözden geçirilişiň çäklerinde halkara ylmy-maslahat geçirilýär. Oňa hem milli hünärmenler bilen bir hatarda dostlukly döwletleriň bilermenleri-de gatnaşýarlar.

www.msy.gov.tm