Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gezelenç etdiler.
«Şu günden geçmişe syýahat» atly şygar astynda geçen gezelenç duşuşygyna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünärinde bilim alýan talyplar işjeň gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine guralan gezelenç duşuşygy ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini şöhlelendirmek, milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, däp-dessurlarymyza söýgi döretmek maksady bilen geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy «Şu günden geçmişe syýahat» atly medeni çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi.