Gyşyň garly günleriniň biridi. Duralgada duran bir adamyň depesinden bagyň şahasynda galan gar gaçaýmazmy?! Ol haýdan-haý üst-başyny kakdy-da, hüňür-hüňür edip, ho-ol beýläk süýşdi. Ondan soň birnäçe gün geçdi. Bir gün bu ahwalat başga bir adamda hem gaýtalandy. Ýöne ol adam başyna gaçan gary bagtyň bölejigi saýdy. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlenini etdi-de, ýylgyryp duruberdi. Görýän weli, ähli zat öz kabul edişiňe bagly öýdýän.
***
Galamymy elimde oýnaklap oturyşyma, öňümde ýatan kagyza 5-lik sany ýazdym. Soňra onuň öňüne 0 goýdum. 5-lik şonda-da 5-likligine durdy. Soňra nollugy 5-iň yzyndan goýdum welin, ol 50 boldy duruberdi. Bu pursat nämüçindir, «Öňüm gelenden soňum gelsin» diýen pähimi ýadyma saldy.
***
Ynanýarsyňyzmy, durmuşda arzuw edip başarmagy arzuwlaýanlaram bar. Garaz, adama arzuwsyz ýaşamak ýok-da. Hut şonuň ýaly, adama ünjüsiz ýaşaýyş hem ýok. Ýadyňyza salyň, gaýgy-gamsyz hasaplanylýan çagalyk dünýäsindekägem, «aždarhalar», «şahly, eýmenç döwler» geläýjek ýaly, bize uly aladady ahyry.
***
Üns berýäňizmi, her gezek ýyl gyşyň aňzagynda başlap, şol aňzakda-da tamamlanýar. Bu ahwal zemine aglap inen ynsanyň agy bilenem ötüşini ýadyňa salýar.
***
Şol gün asmanyň tämiz gujagyny söýgi bilen synlap barşyma, ýerde ýatan daşa büdränimi duýman galypdyryn. Hawa, diňe durmuşda däl, tebigatda-da elýetmez zatlara imrinip, temegiňi ýokary tutuberseň, almytyňy berýär oturyberýär eken.
***
Şol gün çagalar köçäniň ugrunda ýanyp duran ody kagyz bilen öçürmek üçin, baý, jan etdiler-ä. Ot weli kagyza pitiwa-da etmän, şol alawlap durdy. Bu pursat ot – hakykata, oklanan kagyzlar bolsa, ýalan-ýaşryk geplere juda çalymdaşdy.
***
Ynsana her demde sabyr gerek. Sabyr bilen heran-haçan bagtyňa gowşup bolýar. Elbetde, ýazyň yzyndan ýaz gelenok. Ýöne, eger-de, ýaz sabyr edip garaşsa, üç pasyldan soň onuň öz taýy – ýaz gelýär ahyry, emma ol howlugyp, hemişe öz deňine däl-de, howurly tomsa gowuşýar.
***
«Ynsan toprakdan ýaradylanmyş diýýärler. Nämä ynanmasaňyz hem, şuňa ynanyň, adamlar! Ýogsa-da, ynsan göwnüni sähel gödegräk söze döwüljek bolup durmagy-da munuň kepili ahyry.
***
Hemmeler bilýändirem-le, ýöne «dile geldi, bile geldi», ýene bir ýola ýatlaýaly.
Ependiniň ogly derýanyň boýunda çörek iýip otyrka, birdenkä çöregi suwa gaçaýypdyr. Derýa boýnuny uzatsa, bir çagajyk durmuş. Çaga-da, öz keşbidigini näbilsin, eňipdir kakasynyň ýanyna:
- Kaka, kaka, derýanyň içinde biri iýip oturan çöregimi aldy.
Ependi haýdap baryp seredip, ol hem öz keşbini görüpdir. Mundan bihabar Ependi derýa boýnuny uzadyp gatyrganypdyr:
- Ýeri, sakalyňy sallap, utanmadyňmy, bir ýumruk ýaly çaganyň çöregini elinden almaga.
...Durmuş hem derýa çalymdaş. Bu derýanyň ýüzündäki ähli keşpler, aslynda, öz ýüz-keşbimizdir. Bir adama gaty-gaýrym söz aýtsak, özümize aýtdygymyzdyr. Ýagşylyk bilen, hoş sözler bilen göwnüni götersek, ýene sogaby özümizedir.
***
«Berimiň gökden ýol ýasaýandygyna» ynanýan adamlar, nämüçin gökden kelemenläp aşak gaýtmagyň ýowuzdygyna ynanmaýarkalar?
***
Birbada hemmäniň göwnüni awlamak asla mümkin däldir. Hatda Gün hem birbada bütin dünýäni ýagtyldyp bilenok ahyry.
***
Iň bärkisi dört setirlik goşguda-da kapyýalaryň ählisi sazlaşyp gitmän, hökman biri üýtgeýändir. Bu durmuşda-da şeýle, hemme günüň sazlaşykly, akgynly gitmegi mümkin däl.
***
Hasaply ömür – hasapsyz bagt (elbetde, düşünen üçin).
***
Men wagtyň ýyndamlygy hakda ilkinji gezek ak mekdebi tamamlan günümiz çynlakaý oýlanypdym. Oýlandygymça-da, kalbymy inçejik howsala gaplap alýardy. Men şeýle alasarmyk duýgular bilen şol günüň nädip geçenini-de duýmadym. Bir başymy galdyrsam, eýýäm Gün şapaga öwrülip, honha bulutlaryň gujagyna çümüp barýar. Men şol pursat Güni geçip barýan mekdep ýyllaryma meňzedesim geldi. Güni sag-aman ugradyp, yzyma gaňryldym. Seretsem, asmana ýylgyryş bolup, kümüş nuruny seçeläp Aý dogup gelýär. Onuň şuglasy-da, gözelligi-de Günüňkiden kem däl. Şol pursat köňlümdäki inçejik ünjülere suw serpilip, kalbym ýagtylyp gitdi. Men şonda mekdep ýyllarymyň Güne meňzäp, batyp gidenine gynanmaly däldigime, ykbalyma Aý ýaly owadan, şuglazar günleriň garaşyp duranyna ynandym.
***
«Redaksiýa ilkinji goşgularymy eltdim. «Entek ýuwan» diýip yzyna gaýtardylar» diýip, ýanymda zeýrenmek islän ýoldaşyma näme diýdim, bilýäňizmi, ýarym degişme bilen şeý diýdim: «Gowy edipdirler. Iň bärkisi, ýaňy demlenen çaýy hem entek gowja açylsyn diýip, üç gezek gaýtarýarlar ahyry».
***
Körpelere suw ýaly diýýäris. Biz muny gowşak diýen manyda ulansak-da, bu ýerde belki, özümiz hem bilmän, bir hakykaty aýdypdyrys. Hakykatdan-da, danalaryň aýdyşy ýaly, ot diňe topragyň üstündeki zatlara ýetişer, suw bolsa, çuňluklara-da ýetip bilýär. Çagalar hem şonuň ýaly. Olar göwnüň ýapyk gapylaryny açyp bilýär. Olaryň bizden üstün tarapy, diňe bu däl. Olar hatda jansyz gurjaklary-da «adamlaşdyryp», olary «gürledip» ýörendirler. Adamyň gadyryny bilmegi şolardan öwrenäýmeli.
Çagalar çagalygyny eder-de, uly bolsun, kiçi bolsun, diýjegini göni ýüzüne aýdar. Şu-da biziň bir gowşak tarapymyz...
***
Sagadyň häliden bäri assyrynlyk bilen kowalaşdym oýnap ýören dilleri ahyry 12-iniň üstünde gowuşdylar. Hut şol pursat hem gije ýarym bolup, gün çalyşdy. Dünýä täze güni garşylady. Şol pursat sagadyň batlanan sesi: «Bir-birege gowuşmak bar ýerde täzeleniş bar, özgeriş bar!» diýýän ýaly bolup eşidildi.
***
Owadan, hemişelik ýasama güllerden bir günlüjek gülälek eziz.
***
Käbir ösümlikler, miweler bardyr gerekmejek ýapragyny görkezer, özenini toprakda gizlär. Gawun-garpyzlara-da seret, olar bar durkuny-düýrmegini duz ýaly edip, topragyň ýüzüne çykarar, düýbünde galan bolsa, sapagy-beýlekisi galandyr.
Tebigat – ynsan dünýäsiniň aýnasy. Biz – tebigatyň perzentleri diýýäris. Ýöne «Sen şol miweleriň haýsy görnüşinden?» diýseler, jogap berip bilermikäk?!
Kakamyrat REJEBOW.