Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy topary okuw-türgenleşik işleriniň çäklerinde Türkiýäniň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
Türkiýäniň futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä duşuşyk Türkiýäniň Kojaeli şäherinde geçip, Robert Grdowiçiň şägirtleriniň 5:1 hasabynda ýeňşi bilen tamamlanypdyr.
Ýeňijileriň düzüminde Mülkaman Annagulyýew bilen Öwezbaý Muhammetmyradow iki gezek tapawutlandy, ýene bir topy derwezä Serdar Rejepow geçirdi.
1-nji noýabrda Türkiýäniň we Türkmenistanyň toparlary ýene bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler.
Türkiýäniň toparynyň garşysyna geçirilýän ýoldaşlyk duşuşyklarynyň Türkmenistanyň ýygyndysy üçin 2020-nji ýylyň 24-nji fewralyndan 10-njy martyna çenli Aşgabatda geçjek futzal boýunça Aziýa çempionatyna taýýarlygyň tapgyry bolup durýar.