Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary milli Liderimiziň adyndan çagalara ajaýyp sowgatlary — welosipedleri gowşurmak üçin Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşen Döwletliler köşgüne bardylar.
Täze nusgadaky welosipedler ozal döwlet Baştutanymyza çuňňur hormatyň hem-de milli we halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde sowgat berlipdi. Olary çagalara gowşurmak karary — hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil, Watanymyzyň geljegi hakynda atalyk aladasynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Çagalara gowşurylýan welosipedler, gürrüňsiz, olar üçin sportuň dünýäde meşhur görnüşleriniň biri bilen yzygiderli meşgullanmaga höwes döreder.
Ýeri gelende aýtsak, welosipedleriň ýene-de ikisini milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Prezident muzeýi bölümine hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze gurulýan binasynda ýerleşdiriljek muzeýe gowşurdy.
2018-nji ýylda milli Liderimiz sport ulagynda halkara ralliniň saýlama tapgyrynda bellenilen aralygy geçen mahaly geýen lybasyny Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze binasynda ýerleşjek muzeýine sowgat hökmünde gowşurypdy.