Şu gün, 30-njy oktýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hormatly Prezidentimiziň özüniň şahsy welosipedlerini Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara we Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport muzeýine sowgat bermegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahada Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärler, şeýle-de talyplar we türgenler çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň sporty, şol sanda welosiped sportuny ösdürmek babatda alyp barýan döwletli işleri hakynda buýsançly gürrüň etdiler.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň aýdym-saz topary maslahatyň dowamynda ajaýyp aýdymlary bilen çykyş edip, oňa gatnaşyjylaryň göwünlerini has-da belende göterdiler.