2019-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Döwletliler köşgünden badalga alan welosipedli ýöriş köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Oňa dürli ýaşdaky watandaşlarymyz bilen bir hatarda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmenleri hem-de onuň garamagyndaky desgalaryňdyr sport mekdepleriniň türgenleri işjeň gatnaşdylar.
Çünki häzirki wagtda Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek bizde asylly däbe öwrüldi.
Bu bolsa ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek bilen birlikde raýatlarymyzyň sport bilen meşgullanmaklaryny höweslendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda ösüşiň ekologiýa strategiýasy ykdysady we durmuş ugurlary jemlenip, olar kabul edilýän wajyp döwlet çözgütleri, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn we pudaklaýyn maksatnamalar bilen utgaşdyrylýar.
Ozaly bilen munuň özi adamlaryň iň gowy durmuş şertlerini döretmäge, onuň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Şeýlelikde, milli Liderimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guramak ýaly asylly ýörelgeleri esaslandyrdy. Oňa Türkmenistanyň uludan-kiçä ähli ilaty işjeň gatnaşýar. 30-njy oktýabrda guralan çäre bu hakykata nobatdaky gezek şaýat bolduk.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda bütin dünýäde, şol sanda Türkmenistanda hem giňden bellenilýär.
Bu baýram mynasybetli her ýylda Aşgabat şäherinde welosipedli ýöriş guralýandygyny ýatladýarys.