Soňky habarlar

«Ýuwentusyň» futbolçysy Aşgabada geler

2022-nji ýylda geçjek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşlarynyň bäşinji tapgyrynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy KHDR-iň ýygyndy toparyny kabul eder. Duşuşyk 14-nji noýabrda Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda geçiriler. Oýun sagat 16.00-da başlanar.

Bu duşuşykda myhmanlaryň düzüminde Italiýanyň «Ýuwentus» toparynyň 21-ýaşly hüjümçisi Han Kwan Sonyň paýtagtymyza gelmegine garaşylýar. 26-njy oktýabrda 9-njy tapgyryň duşuşygynda ol ilkinji gezek «Ýuwentusyň» düzüminde çykyş etdi. «Leççe» bilen bolan bu oýun 0:0 hasabynda deňlikde tamamlandy. «Ýuwentusyň» tälimçisi Maurisio Sarri bu duşuşykda toparynyň esasy oýunçysy Ronaldunyň dynç almagy üçin oýna KHDR-li futbolçyny goýberdi.

Han Kwan Son KHDR-iň ýygyndysynyň esasy oýunçylarynyň biri hasaplanylýar. Onuň hasabynda derwezä geçirilen 8 top bar. Ol 2014-nji ýylda geçen ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatyna hem gatnaşypdy. Şonda ol dört oýunda alty pökgini derwezä geçirip, KHDR-iň ýaryşda ýeňiji bolmagyna uly goşant goşupdy. Şeýle-de ol 2015-nji ýylda geçen ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatyna gatnaşdy hem-de dört duşuşykda çykyş etdi.

KHDR-iň ýygyndysy türkmen futbolçylary üçin iň bir oňaýsyz garşydaşlaryň biridir. Türkmenistanyň we KHDR-iň ýygyndylary häzire çenli öz aralarynda alty gezek duşuşdylar, dört duşuşykda ildeşlerimiz ýeňlişe sezewar boldy, ýene iki duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy.