2019-njy ýylyň 1-2-nji noýabrynda Türkmenbaşynyň «Olimpiýa» suw-sport toplumynda sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçiriler.
Ýaryş Aşgabat şäheriniň sport mekdepleriniň 2001-nji ýylda doglan we ondan uly ýaşly II uly sport derejeli, 2002-2004-nji ýylda doglan III uly sport derejeli, şeýle hem 2005-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly I sport derejeli türgenleriň arasynda geçiriler. Türgenler çalasynlygyny 50 metrlik howuzda görkezerler.
Ýaşlaryň arasynda sportuň suwda ýüzmek görnüşini ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndysyna türgenleri saýlamak maksady bilen guralýan bu ýaryşyň örän çekeleşikli geçmegine garaşylýar.
Ýaryş baýrakly orny eýelemegi başaran türgenleriň sylaglanyş dabarasy bilen jemlener.