Soňky habarlar

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Saglyk ýolyna guralan ýörişe gatnaşdylar

Şu gün (27.10.2019) Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mygallymlary we talyplary Saglyk ýolyna guralan köpçülikleýin ýörişe gatnaşdylar.

Saglyk ýolynyň sekiz kilometrlik ýörişi Gün dogan çagy Aşgabadyň gündogar tarapynyň Giňdiwar depesiniň eteginden başlandy.

Köpçülikleýin  ýörişe Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ähli fakultetiniň mygallymlary, talyplary, şeýle-de türgen talyplary işjeň gatnaşdylar.

Ýörişden soňra türgenler sport ýaryşlaryna gatnaşdylar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň aýdym-saz toparynyň çykyşlary sport ýaryşlaryna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň türgenleriň görkezme çykyşlary has hem täsirli boldy.

www.msy.gov.tm