16 ýaşly futbolçy Pau Babot öz geçiren goluny görkezýän wideogörnüşi aragatnaşyk serişdeleriniň üsti bilen ýollandan soňra Andorranyň ýetginjekler ýygyndysynyň (19 ýaşa çenli) hataryna kabul edildi. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) saýtynda habar berilýär.
Babot Germaniýada ýaşaýar hem-de «Karbener» klubynda çykyş edýär. Ýöne onuň ejesi Andorrada doglan, şol sebäpli hem ol dogan-garyndaşlaryny görmek üçin bu ýurda kän gidýär. Onuň ejesiniň tanyşlarynyň biri oňa Andorranyň futbol soýuzynyň wekiliniň e-mail salgysyny beripdir. Babot hem onuň üsti bilen öz terjimehalyny hem-de birnäçe hepde ozal geçiren golunyň wideoýazgysyny iberipdir.
Ahyrky netijede ony Andorranyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysynyň türgenleşigine çagyrdylar, soňra bolsa ol 19 ýaşa çenli futbolçylaryň ýygyndy toparyna düşdi. Bu toparyň tälimçisi, esasy oýunçylaryň birnäçesiniň şikes alandygy sebäpli, kiçi ýaş toparyndaky futbolçylary gözden geçirýär, şonda hem tälimçiniň nazary bu futbolçyda eglenipdir. Netije-de Babot Germaniýanyň ýaşlar ýygyndysynyň garşysyna bolan oýunda (0:3) Andorranyň ýygyndysynyň düzüminde ilkinji oýnuny geçirdi. Şeýle hem futbolçy Belorussiýanyň ýygyndysynyň garşysyna bolan oýunda hem (0:2) 15 minut çykyş etdi. Tälimçileriň pikir etmegine görä Babotyň indiki oýunlarda oýnamak üçin oňat mümkinçilikleri bar. Andorranyň topary indiki oýunlarynda Irlandiýanyň, Ysraýylyň hem-de Çernogoriýanyň toparlary bilen duşuşmaly.