Soňky habarlar

Norwegiýanyň ikinji ligasynda çykyş edýän derwezeçi jerime urgusyndan topy derwezä geçirdi

Norwegiýanyň «Ull Kisa» toparynyň derwezeçisi Stefan Hagerup ikinji diwizionyň 27-nji tapgyrynda «Skeýda» toparynyň garşysyna bolan oýnuň gahrymanyna öwrüldi. «Kisa» duşuşygyň 89-njy minutyna çenli utulyp gelýärdi. Şondan soň bolsa toparyň derwezebany Stefan Hagerup işe girişdi. «Skeýdiň» derwezesiniň alkymynda jerime urgusy bellendi, Hagerup topuň ýanyna geldi hem-de ony derwezäň ýokary çüňkünden geçirdi.
Derwezeçiniň bu üstünligi onuň ýoldaşlaryny ruhlandyrdy, olar emin tarapyndan goşulan wagtda ikinji topy derwezä geçirip, ýeňiş gazanmagy başardylar.

 

Internet neşirleriniň maglumatlary esaasynda taýýarlanyldy.