Soňky habarlar

Parižde Olimpiada-2024-iň resmi nyşanynyň tanyşdyrylyşy boldy

Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň we Paralimpiýa oýunlarynyň resmi nyşanynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Resmi nyşanyň bezegi sport, Olimpiýa oýunlary, Fransuz Respublikasy bilen baglanyşykly dessurlaryň üçüsiniň  nyşanlaryny ― altyn medaly, olimpiýa we paralimpiýa alawyny hem-de Mariannany özünde birleşdirýär.
«Ähli medallaryň arasyndan iň owadanynyň şekilini we reňkini alan resmi nyşan sportuň esasy gymmatlyklarynyň biri bolan kämillige ýetmäge ymtylmagy alamatlandyrýar.
Olimpiýa we Paralimpiýa alawlary kalbyňda üýtgeşik duýgulary oýarýar. Alaw bizi arzuw etmäge, Oýunlary guramagyň täze-täze usullaryny gözlemäge çagyrýar.
Marianna bolsa, Olimpiýa oýunlarynyň nyşanynyň fransuz milli simwoly hökmünde tutuş dünýä ýüzüne mälim bolan zenany hatyralaýandygyny aňladýar.
Her bir fransiýala tanyş bolan bu şekil Olimpiada 2024-iň hemmeleriň Oýny bolmalydygyny, onuň ähli adamlara degişlidigini ýatladýar» diýip Halkara Olimpiýa komitetiniň saýtyndaky metbugat habarynda aýdylýar.
Nyşan ilkinji gezek Olimpiýa hem-de Paralimpiýa oýunlary üçin birmeňzeş bolar, olaryň birinde olimpiýa halkalary, beýlekisiniň aşaky böleginde paralimpiýa oýunlaryny wagyz edýän nyşan ýerleşdiriler.
Fransiýa altynjy gezek Olimpiýa oýunlaryny kabul eder. Şu mahala çenli Fransiýada 1900-nji ýylda Tomusky olimpiýa oýunlary (Pariž), 1924-nji ýylda Gyşky Olimpiýa oýunlary (Şamon), 1924-nji ýylda Tomusky Olimpiýa oýunlary (Pariž), 1968-nji ýylda Gyşky Olimpiýa oýunlary (Grenobl), 1992-nji ýylda Gyşky Olimpiýa oýunlary (Alberwil) geçirildi.
XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň dabaraly açylyşy 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda geçiriler.
Olimpiada 11-nji awgusta çenli dowam eder.

Internet neşirleriniň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.