Tokionyň Milli Olimpiýa stadionynyň ýanynda ýerleşýän Ýaponiýanyň Olimpiýa muzeýi köpçülige tanyşdyryldy.
Muzeý Ýaponiýanyň Olimpiýa Komitetiniň garamagynda hereket edip, onda goýlan eksponatlar jahankeşdeleri Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň, şeýle-de Olimpiýa hereketiniň ähmiýeti we taryhy bilen tanyşdyrýar.
Muzeýiň çäginde ýerleşdirilen öz içine meşhur Olimpiýa halkalaryny alýan ýadygärligi, 1964-nji ýylda Tokioda guralan Tomusky Olimpiadada, şeýle-de Sapporoda (1972) we Naganoda (1998) guralan Gyşky Olimpiadalarda ýakylan alawlaryň ojagyny synlamak bolar.
Ýene-de bir gyzykly eksponat muzeýiň üçeginde ýerleşýär. Üçek ― 1964-nji ýyldaky Tokio Olimpiadasy mynasybetli dünýäniň çar künjinden gelen türgenleriň getiren tohumlaryndan ekilen agaçlardan ýasalandyr.
Agaçlar ýurduň demirgazygyndaky Hokkaýdo prefeksiýasynyň Engaru şäherinde 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ösdürilipdir.
www.tokyo2020.org