Biatlon boýunça iki gezek olimpiýa çempiony Laura Dalmaýer tebigat bilen seresap gatnaşykda bolmalydygy baradaky çagalar üçin kitaby bilen tanyşdyrdy. Bu barada «www.sports.ru» habar berýär.
Tanyşdyrylyş dabarasy Frankfurtda guralan kitap bazarynda boldy. «Die KlimaGang» atly kitap Finn atly ak aýynyň, Ali atly deňiz ugor balygynyň, Biggi atly arynyň hem-de Kitti Kibits diýilýän gyzjagazyň başdan geçirmeleri hakynda gürrüň berýär.
«Interaktiw sahypalaryň kömegi bilen çagalar utuk gazanyp biler, ol bolsa daşky gurşawy aýawly saklamaga we KlimaGanga goşulmaga kömek eder.
Çagalar hakda pikir edip, özüň üçin daşky gurşawyň, tebigatyň ajaýyp gözelliklerini açmak gerek. Hut şu sebäpli hem maňa daşky gurşawy häzirki durkunda saklamak wajyp» diýip, Dalmaýer gürrüň berdi.