Özbek gimnastikaçysy Oksana Çusowitina 2020-nji ýylda Tokioda geçjek tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmekçidigini mälim etdi. Bu barada «www.sports.ru» habar berýär.
Bu Olimpiýa oýunlary türgeniň sport durmuşynda sekizinji Olimpiadasy bolar.
Çusowitina «Mähribanlarym! Ahyrsoňy men size özümiň sekizinji Olimpiadama gatnaşjakdygymy resmi suratda habar berýärin. Siziň hemmäňize maňa bildiren ynamyňyz, beren goldawyňyz üçin uly sag bolsun aýtmak isleýärin. Biz muny siziň bilen bilelikde amala aşyrdyk» diýip ýazýar.
Tokio-2020-de gimnastikaçy 45 ýaşynda bolar.
Çusowitina gimnastikanyň taryhynda ýedi Olimpiada gatnaşan ýeke-täk türgendir.
Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyndan (Barselona-1992) başga-da ol dünýä çempionatlarynda üç gezek altyn, dört gezek kümüş we dört gezek hem bürünç medallara mynasyp boldy.