Sambo boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda türkmenistanly pälwan Ýeňiş Taganow bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada «www.türkmenportal.com» «www.sambo.sport/ru» saýtyna salgylanyp habar berýär.
Türkmen samboçysy 81 kg çenli agramda çykyş edip, şeýle üstünlik gazandy.
Bu agramda russiýaly Adam Usiýew dünýä çempiony bolmagy başardy. Gruziýaly Zaur Dwalaşwili kümüş medaly eýeledi. Özbegistanly Orabek Tirkaşow hem bu agram derejesinde ýene bir üçünji baýragy eýelän türgen boldy.
Ýaşlaryň arasynda sambo boýunça dünýä çempionaty 11-13 oktýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçdi.