Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde penşenbe güni Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.
Mejlisiň çäklerinde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler edarlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has hem işjeňleşdirmegiň maksatnamasy kabul edildi.
GDA-nyň Daşary işler ministrleri 11-nji oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenjek resminamalarda hem ylalaşyga gelerler. Bularyň hataryna 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen bagly döwlet Baştutanlarynyň GDA-nyň halkyna we dünýä jemgyýetçiligine ýüzlenmesi, şeýle hem korrupsiýa, terroçylykly hereketlere, ekstremizme garşy göreşde hyzmatdaşlyk saklamagy we howpsuzlyk ulgamynda maglumat alyş-çalşygyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýan resminamalar girýär.
Ministrler GDA-nyň Oýunlary bilen bagly meselelere hem garadylar. Bu tema GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň ýakyndaky ýygnagyna geçirildi.
Mejlisde GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky duşuşygynyň 2020-nji ýylyň 3-nji aprelinde Gazagystanda geçiriljekdigi aýdyldy.
Ýurtlaryň arasynda degişli resminamalara gol çekileninden soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew metbugat ýygnagyny geçirdiler.