2019-njy ýylyň 12-13 oktýabrynda «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy «Formula-1» awtoýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň tapgyrlarynyň birini ― Ýaponiýanyň gran-pri ýaryşyny göni ýaýlymda alyp görkezer.
Ýaponiýanyň gran-pri ýaryşy 1976-njy ýyldan häzirki döwre çenli her ýyl geçirilýän «Formula-1» awtoýaryşy boýunça dünýä çempionatynyň tapgayrlarynyň biri bolup durýar. 1987-nji ýyldan bäri bu ýaryş Sudzuka şäheriniň (Mie prefekturasy) «Sudzuka» awtoulag ýolunda geçirilýär.
2019-njy ýylda «Formula-1» boýunça çempionatyň gutarmagyna bäş tapgyr galanda britan awtosürüjisi Lýuis Hemilton öňdeligi özünde saklamagy dowam edýär. Ol özüne iň ýakyn gelen garşydaşy finlýandiýaly Waltteri Bottasdan 73 utuk öňde barýar. 3-nji orunda barýan Şarl Lekler Hemiltondan 107 utuk yza alýar. Konstruktorlaryň kubogy ugrundaky ýaryşda «Mersedes-Bens» «Ferrariden» 162 utuk öňde.
Göni ýaýlymyň alnyp görkezilişiniň meýilleşdirilişi baradaky maglumaty siziň dykgatyňyza hödürleýäris.
№ |
Wagty |
Ýaryşyň görnüşi |
Geçirilýän ýeri |
Wagty |
Ýaýlym |
11. |
12.10.2019 |
Formula-1 |
Ýaponiýanyň gran-pri ýaryşy (deslapky ýaryş) |
10.55 |
Göni ýaýlym |
22. |
13.10.2019 |
Formula-1 |
Ýaponiýanyň gran-pri ýaryşy |
10.55 |
Göni ýaýlym |