Soňky habarlar

«Olimp» orta sport mekdebiuniň okuwçylary Hatyra gününe bagyşlanan sergä gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat ýer titremesiniň 71 ýyllgyna bagyşlanan sergi açyldy. Bu sergä «Olimp» orta sport mekdebiuniň okuwçylary hem gatnaşdylar.
Tematiki sergi dört bölüme bölünipdir. Ilki bilen bu ýere gelenler hökümet binasy, oňaýly köçejikler, gadymy jaýlar, seýilgähler... ýaly şäheriň uruşdan ozalky binalary we durmuşy bilen ak-gara fotosuratlar arkaly tanyşýarlar. Elhenç apadyň ýetiren zeleliniň fotosuratlary ýüregiňi elendirýär... Üýtgeşik özboluşly suratlar 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda gije bolan pajygaly wakanyň ýetiren zyýanyna garşy göreşen şäher ilatynyň sarsmaz ruhunyň güýjüni görkezýär...
Bu ýerde muzeýiň gorlaryndan alnan, serginiň tematikasyna gabat gelýän žiwopis eserleri-de goýlupdyr. Olaryň birinde tebigy belanyň pidasy bolan Änewdäki Seýit Jemal-ed-Din metjidi şekillendirilipdir. Ýurdumyzyň taryhynyň pajygaly bu döwrüni arheologik artefaklardyr etnografik esbaplar toplumy, wideomaglumatlar we neşir önümleri hem beýan edýärler.
Gözel ýerleri Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, amala aşyrylýan uly möçberli binagärlik taslamalary ýurduň innowasion ösüşiniň aýdyň mysaly bolan ak mermer paýtagtymyzyň şu gününe bagyşlanan dürli žanrly bölüm döredijilikli durmuşyň waspyny ýetirýär.