Ýaňy- ýakynda Aşgabatda geçen dünýä çempionatynyň saýlama oýunda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşysyna çykyş eden koreýaly futbolçy Hwan Hi Çhan «Altyn pökgä» esasy dalaşgärleriň biri Wirjil Wan Deýki aňsatlyk bilen aldap, topy derwezä geçirmegi başardy. Hwan Hi Çhanyň şol golundan soňra bolsa «Red Bull» «Liwerpuly» gyssap başlady. Bu barada «www.sports.ru» habar berýär.
Wirjil Wan Deýki bir ýyldan gowrak wagt bäri aldap geçip bilýän ýokdy! Has dogrusy, ol 2018-nji ýylyň awgustyndan bäri futbolçylaryň hiç birine topy alyp öz deňinden geçmäge ýol bermeýärdi.
Dogry, onuň oýnaýyş usulyna hem salgylanmak gerek, çünki gollandiýaly futbolçy kän bir garşydaşynyň üstüne okdurylyp topy aljak bolup, oňa özüni aldap geçmek üçin oňaýly ýagdaý döretmeýär. Şonuň üçin hem 65 duşuşygyň dowamynda ony aldap geçmek hiç kime başartmandy. Ýöne ýere ony dünýäniň iň güýçli goragçysy, «Altyn pökgä» dalaşgär diýip hasap etmeýärler. Diňe şu ýylyň awgustynda Gabi Žezusa top bilen sap atyp, onuň deňinden geçmek başardypdy.
Geçen möwsümde ikinji Bundesligada kösenip ýören 23 ýaşly Hwan bolsa dünýäniň iň gowy goragçysyny aldap geçýär hem-de topy derwezä girizýär. Muňa futbol diýýärler!