Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat oktýabr aýynda hem sport wakalaryna baý bolar. Tutuş aýyň dowamynda «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly ýaryşlaryň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri giňden ýaýbaňlandyrylar.
4-nji oktýabr. «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Uniwersiadanyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýeňil atletika boýunça ýaryş geçiriler.
7-9-njy oktýabr. «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Spartakiadanyň çäklerinde orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş guralar. Ýaryş Aşgabat şäheriniň 17-nji orta mekdebinde sagat 16.00-da başlanýar.
7-15-nji oktýabr. «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Uniwersiadanyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda woleýbol boýunça (gyzlar) ýaryş geçiriler. Ýaryş Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda guralar.
10-15-nji oktýabr. Ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda bäsleşiler.
12-20-nji oktýabr. Futzal boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçiriler.
14-23-nji oktýabr. «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Uniwersiadanyň çäklerinde woleýbol boýunça (gyzlar) ýaryş guralar. Ýaryş Gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde we A. Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde geçirilýär.
16-17-nji oktýabr. «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Spartakiadanyň çäklerinde woleýbol boýunça (oglanlar, gyzlar) ýaryş geçiriler. Ýaryş Aşgabat şäheriniň 89-njy orta mekdebinde guralýar.
17-18-nji oktýabr. «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Uniwersiadanyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda woleýbol boýunça (gyzlar) ýaryş guralar. Ýaryş Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilýär.
18-nji oktýabr. «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Spartakiadanyň çäklerinde orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda badminton boýunça (oglanlar, gyzlar) ýaryş guralar. Ýaryş Aşgabat şäheriniň 24-nji orta mekdebinde geçirilýär.
20-28-nji oktýabr. «Türkmenistan rowaçlygyň ýurdy» ady bilen futzal boýunça ýaryş geçiriler.
21-29-njy oktýabr. 2004-2006-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçiriler.
21-29-njy oktýabr. «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Uniwersiadanyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda woleýbol boýunça (oglanlar) ýaryş guralar. Ýaryş Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň sport desgalarynda geçirilýär.
21-30-njy oktýabr. Küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçiriler.
23-24-nji oktýabr. «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Spartakiadanyň çäklerinde orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda woleýbol boýunça (oglanlar) ýaryş geçiriler.
23-27-nji oktýabr. Badminton boýunça Türkmenistanyň birinjiligi guralar. Ýaryş Aşgabat şäheriniň 89-njy orta mekdebinde geçirilýär.
Şeýle hem oktýabr aýynyň dowamynda gylyçlaşmak hem-de ýaý atmak boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda ýaryşlar geçiriler.