Amerikaly Dewid Haggerti Halkara tennis federasiýasynyň prezidentligine täzeden saýlandy(ITF) diýip, ITF-niň resmi saýty habar berýär.
Saýlaw Halkara tennis federasiýasynyň Lissabonda geçirilen baş assambleýasynda boldy.
D. Haggerti 60,5% (259) ses almagy başardy. Çehiýaly Iwo Kaderka (7%), indiýaly Anil Hanna (21,7%) we irlandiýaly Dewid Maýli (10,8%) Haggertiniň bäsdeşleri boldular.
Şeýlelikde Dewid Haggerti prezidentlige dört ýyllyk möhlet bilen täzeden saýlandy. Onuň wezipe ygtyýarlyklary 2023-nji ýyla çenli dowam eder. Amerikaly hünärmen Dewid Haggerti 2015-nji ýyldan bäri bu gurama ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistanyň tennis federasiýasynyň wekilýeti (Federasiýanyň ýolbaşçysy Azat Myradow we baş sekretar Eziz Döwletow) hem ITF-niň häzirki prezidentine ses berdi.