Ata Watanymyz Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk şanly senesini baýram edýär. Geçen ýyllaryň içinde eziz Diýarymyz dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine öwrüldi. Şol ösüşleriň agramly bölegi bolsa soňky birnäçe ýylyň paýyna düşdi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ata Watanymyzyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşlere ýetilip, Türkmenistan bütin dünýäniň üns merkezindäki döwlete öwrüldi. Şol ösüşlere Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň agzybir işgärleri tarapyndan hem mynasyp goşant goşulýar.
Şu pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan Watanymyzyň gysga wagtda durnukly ösýän ýurda öwrülmegi tagalla edip, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän mähriban Prezidentimize ak ýürekden alkyş aýdýarys.
Hormatly Prezidentimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy bilen mähirli gutlap, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyklaryň hemra bolmagyny dileg edýäris!