Soňky habarlar

Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy

Halk Maslahatynyň barşynda milli parlamentiň Başlygy Gülşat Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Mejlisiň Kararyny yglan edýär.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda däbe öwrülen türkmen donuny we ak telpegi geýýär. Milli Liderimize şeýle hem degişli nyşan gowşurylýar.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara minnetdarlyk sözleri bilen ýüzlenip, mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň, gadymdan gelýän milli däp dessurlary we adatlary gorap saklamagyň we ösdürmegiň, halkymyzyň bitewiligini we jebisligini pugtalandyrmagyň, görelde bolmagyň oňat mysalynda görkezmek arkaly ýaş nesli terbiýelemegiň her birimiziň mukaddes borjumyzdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagynyň özüne uly jogapkärçiligi ýükleýändigini nygtap, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmenistanlylaryň parahatçylykly bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde mundan beýläk-de güýç-gaýratyny aýamajakdygyny beýan etdi. 

 

www.tdh.gov.tm