Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli sport baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Siz sporta belent ykbal Arkadag» atly aýdym bilen açylan dabaranyň dowamynda sport görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary görkezildi.
Gimnastikaçylaryň we tans sportynyň, sportuň oýun görnüşleriniň (futbol, basketbol, gandbol, futzal), sportuň göreş görnüşleriniň (dzýudo, grek rim, erkin, milli göreş), başa-baş söweş görnüşleriniň (karate, taekwondo, uşu) wekilleriniň çykyşlary tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.
Baýramçylyk dabarasynda boksçular, taý boksyň wekilleri, tennisçiler, agyr atletikaçylar hem görkezme çykyşlaryny tomaşaçylara hödürlediler.
Fakultetleriň arasynda bolsa woleýbol aýryşy geçirildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda woleýbol boýunça ussat türgenleriň ýetişdirilýändigine ýaryşyň dowamynda doly göz ýetirildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk şanly senesine bagyşlanan baýramçylyk dabarasynyň dowamynda ata Watanymyzy we türkmen sportunyň ýetýän belent sepgitlerini wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi.