Soňky habarlar

Türkmenistanly tennisçi gyz halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy

Taýlantda (Nonthabur şäheri)  Aziýanyň tennis federasiýasynyň baýdagy astynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda ýaryş geçirildi.

Gürrüňi edilýän ýaryşda ildeşimiz Anastasiýa Azimbaýewa gazagystanly Ariana Kolbassina bilen jübütde çykyş edip, ýeňiji boldy.

Türkmen-gazak jübüti ýeňşe barýan ýolda Aziýa we Ýewropa wekilçilik edýän döwletleriň (Ýaponiýa, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Fransiýa, Moldowa, Indoneziýa, Wýetnam) ençemesiniň tennisçilerinden üstün çykdy.

Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň okuwçysy Anastasiýa Azimbaýewa mundan ozal Aziýanyň 14 ýaşa çenli tennisçileriniň arasynda iň ökdeleriň 50-siniň sanawynda orun alypdy.