Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde tennis boýunça tälimçiler üçin guralan okuw-maslahaty dowam edýär.
Halkara Tennis federasiýasynyň guramagynda geçirilýän bu maslahata gatnaşýan türkmen wekiliýetine tälimçilerimiziň ikisi agzalyk edýär.
Türkmen hünärmenleri – ýurdumyzyň tennis boýunça zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Jennet Hallyýewa hem-de erkekler ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Andreý Dolmatow sebitleýin tälimiň tejribeli oýunçylar okuwynyň 2-nji derejeli bölümine işjeň gatnaşýarlar.
13-nji sentýabrda badalga alan tälimçilik ähmiýetli okuw-maslahat 25-nji sentýabrda tamamlanar.
«Türkmen sporty» gazeti (21.09.2019)