Soňky habarlar

XI Spartakiada: suwda ýüzmek

«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Spartakiadanyň  çäklerinde Aşgabat şäherindäki etraplaryň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda suwda ýüzmek boýunça ýaryş geçirildi.

 «Olimpiýa» suw sport toplumynda suwda ýüzmegiň erkin görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda oglanlaryň arasynda I orny 18-nji orta mekdep, II orny 7-nji orta mekdebiň okuwçy oglanlary, III orny bolsa 44-nji orta mekdebi eýeledi.

Gyzlaryň arasynda I orny 68-nji orta mekdebiň , II orny 18-nji orta mekdebiň, III orny 140-njy orta mekdebiň gyzlary eýelediler.

XI Spartakiadanyň  çäklerindäki ýaryşlaryň guramaçysy bolup «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Aşgabat şäher bölümi çykyş edýär.

 

www.msy.gov.tm