Günorta Koreýanyň Çhunju şäherinde 100 ýurtdan 2000 türgeni söweş sungaty buýunça birleşdirýän ýaryş geçirildi. Ýaryşyň ahyrky günlerinde türkmen göreşçileri 9 medal gazandylar.
4-nji sentýabrda sambo we söweş sambosynyň düzgünleriniň çäginde geçirilen ýaryşda ýygyndymyzyň agzalary medal gaznasyna 5 medal salyp, olaryň içinde 3-si ýokary derejeli medalyň eýeleri boldular.
Goranmak ministrliginiň merkezi sport klubynyň harby işgäri Guwanç Begaliýew (90kg.), Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Gülnar Haýitbaýewa (62kg.) we Içeri işler ministrliginden Çarymyrat Annakurbanow ýokary agram derejesinde (90 kg. ýokarda) hormat münberiniň çür depesine galdylar.
5-nji sentýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5 ýyl talyby Abdylla Babaýew 68 kg. agramda taý tapylman altyn medal gazandy.
Günorta Koreýanyň Çhunju şäherinde şöweş sungatynyň ähli görnüşi boýunça geçirilen bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy janköýerlerini begendirdi. Olar ýaryşyň dowamynda jemi 25 medal, şol sanda 9 altyn medal gazandylar.