Berkarar Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar nesil hakynda alada «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 – 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda örän äşgär duýulýar. Hormatly Prezidentimiz: «Täze tehnologiýalar we okatmagyň häzirki zaman usullary ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň zerur şertidir» diýip belleýär.
Ýurdumyzda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaýyn binýat pugtalandyrylýar. Bilim edaralary döwrebap enjamlar, kompýuterler we häzirki zaman tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen bu ulgama döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Okuw maksatnamalarynyň we okuw kitaplarynyň mazmuny döwrebaplaşdyrylyp, her ýylda hökmany döwlet umumy bilim ölçegleriniň talaplaryna laýyk gelýän ýüzlerçe okuw kitaplary we gollanmalary neşir edilýär. Şol sanda sport ulgamynda hem uly işler durmuşa geçirilýär. Tälimçilerdir mugallymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmek, okatmagyň täzeçe usullaryny ýola goýmak babatynda yzygiderli işler edilýär. Her ýylda ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat hökmünde öwrediji kompýuterler gowşurylýar. Munuň özi okuwyň ilkinji günlerinden başlap okuwçylaryň täze bilimi ele almagynda ýakyn ýardamçylaryna öwrülmegini şertlendirýär.
Şu günler ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, şanly senäni – Bilimler we talyp ýaşlar gününi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň hem aladasy edilýär. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda okuw harytlary bilen üpjün edilen söwda nokatlary işe girizildi. Ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlarynda ýetilen belent sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň üstünlige beslenýändiginiň subutnamasy bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan ägirt uly maksatnamalary amala aşyrmakda ygtybarly binýat bolup durýar.
Annanabat HOJAMÄMMEDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy