Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Gadymy Olimpaidalaryň watanynda türkmen tugy parlady

Saloniki Gadymy Gresiýanyň köp asyrlyk mirasy bilen sazlaşykly utgaşýan şäheridir. Gadymy Olimpiýa oýunlarynyň Olimpiýa şäherinde geçirilendigine garamazdan, bu iki ýeri Olimpiýa däbini peşgeş beren ýurduň taryhy birleşdirýär. Häzirki wagtda şol taryhy umumylyk dünýä döwletleriniň ezber türgenlerini bir meýdança jemlap, öz ussatlyklaryny, ýeňşe bolan erk-isleglerini we birek-birege hormat goýmak häsiýetlerini görkezýän halkara ýaryşlarynda dowam edýär. Şeýlelikde, köp asyrlyk taryhy we baý medeni mirasy bolan Saloniki türkmen ýaşlarynyň ukyp-başarnygyny görkezen şäher hökmünde ýadymyzda galdy. Ýaşlaryň we ýetginjekleriň umumylykda gazanan 8 medaly Türkmenistanyň sportda gazanýan üstünliklerini ýaş nesliň mynasyp dowam etdirýändiginiň güwäsi boldy.  

Türkmen samboçylarynyň üstünligi maksada okgunlylygyň, zähmetsöýerligiň we erjelligiň üstünliklere ýol açýandygyny ýene bir gezek subut edýär. Ýaş çempionlaryň we baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleriň atlary halkara ýaryşlarynda ata Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän türgenlerimiziň hataryny artdyrdy. Olaryň Gresiýadaky çykyşy diňe bir buýsançly waka bolman, eýsem, ýaşlarymyza öňe gitmäge, kämilleşmäge we täze ýeňişlere ymtylmaga itergi berdi. 

       Sportuň sambo görnüşinde dowamly üstünlik gazanýan türkmenistanly pälwanlaryň türkmen olimpiýaçylarynyň hataryny doldurjak günlerine garaşýan janköýer hökmünde Gresiýada guralan bäsleşiklere uly gyzyklanma bilen tomaşa etdim. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň ýygyndysynyň Saloniki şäherindäki ýaşlaryň dünýä çempionatynda ýetginjekleriň arasynda söweş sambosy boýunça toparlaýyn ýaryşda birinji orny eýelemegi şatlygymyzy goşalandyrdy (3 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç medal).

Halkara sambo federasiýasynyň habar bermegine görä, russiýaly türgenler ýetginjekleriň arasynda söweş sambosyndan başga ähli ugurlarda toparlaýyn birinjiligi eýelediler. Sportuň sambo görnüşiniň russiýaly hünärmenler tarapyndan esaslandyrylyp, onuň emelleriniň belli bir wagt araçäginde umumy giňişlikde ýaşan halklaryň milli göreşleriniň tilsimleri bilen baýlaşdyrylandygy sebäpli GDA-nyň wekilleriniň, şol sanda Türkmenistanyň sambo ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýändigi kanunalaýyklyk hasaplanylýar. Şeýlelikde, umumytoparlaýyn ýaryşda türkmen ýetginjekleriniň esasy bäsdeşlerini yzda galdyrmagy türkmen sambo mekdebiniň geljekki ýyllarda hem netijeli çykyşlary dowam etdirjek mynasyp nesil taýýarlandygyny görkezdi.

Sportuň sambo görnüşini Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizmek babatda degişli işleriň alnyp barylýandygy baradaky habarlar hemmelere tanyşdyr. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň öz miwesini berjek pursatyny hyýalymda janlandyryp, häzirlikçe ýaş nesliň wekilleriniň dünýä çempionatynda gazanan üstünligine buýsandym. Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakowyň: «Bu ýaryşlar (Saloniki şäherinde guralan dünýä çempionaty) sambonyň geljeginiň uludygyny görkezdi. Dürli ýurtlardan bolan ýaş nesliň wekilleri ýokary derejeli tehniki ussatlygy, ýeňiş gazanmaga bolan erk-islegi we garşydaşlaryna hormat-sarpany görkezdiler» diýen sözleri gadymy Olimpiadalaryň watanynda guralan dünýä çempionatynyň hemmelerde ýakymly täsir galdyrandygyny nygtamaga esas berdi.

 

Hojaberdi APBAÝEW,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.