Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Sport we saz: sahna ýyldyzlaryny näme birleşdirýär?

Saz bilen sport göräýmäge biri-birinden düýbünden tapawutly ugurlar ýaly görünýär. Ýöne olaryň arasynda köp umumylyk bar: güýç-kuwwat, tertip-düzgün, hereket, kämillige ymtylyş hem-de adamlara joşgunly duýgulary peşgeş bermek ukyby. Meşhur sungat işgärleriniň aglabasynyň durmuşynda sportuň mynasyp paýynyň bardygy bu aýdylanlary doly tassyklaýandyr.

***

Nýuşa Şuroçkina çagalyk ýyllarynda taý boksy bilen meşgullanypdyr. Sportda arkaly taplanmagy, tertip-düzgüniň kemala gelmegi we beden taýýarlygy onuň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Sport onuň maşgalasynda-da aýratyn orun eýeleýär: aýal dogany Mariýa Şuroçkina suwda sazlaşykly ýüzmek boýunça Olimpiýa çempionydyr.

Hadise Açykgöz çagalyk ýyllarynda atly sport bilen meşgullanypdyr. Häzirki wagtda ol türk estrada sungatynyň iň meşhur wekilleriniň biri hökmünde tanalýar. Bedewler we at münmek bilen bagly çagalyk höwesi a onuň terjimehalynyň gyzykly sahypalarynyň biri bolmagynda galýar. Mundan başga-da, Hadise futbolyň muşdagy bolup, Türkiýäniň «Galatasaraý» futbol toparyna janköýerlik edýär.

Murat Boz futbol bilen has ýakyndan baglanyşykly. Ol ýaşlyk ýyllarynda futbol bilen meşgullanypdyr we bu ugurda professional karýerasyny dowam etdirmegiň arzuwynda ýaşapdyr. Murat Boz Stambulyň «Beşiktaş» futbol toparynyň ölemen janköýeridir we özüniň söýgüli klubuna wepalylygyny ençeme gezek nygtapdyr. Onuň üçin futbol diňe bir höwes däl, eýsem durmuşynyň möhüm bölegidir.

Miriam Fares fitnes, ýoga we beden maşklary arkaly özüni gowy fiziki formada saklaýar. Aýdym-sazy çylşyrymly tans çykyşlary bilen utgaşdyrýan sungat işgäri üçin fiziki taýdan kämilligiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Onuň sahna çykyşlary diňe bir aýdym-saz ussatlygyny däl, eýsem hakyky sport taýýarlygyny hem talap edýär.

***

Sport sahna ýyldyzlaryny birleşdirýän göze görünmeýän baglanyşyga öwrülýär. Olaryň biri ringe çykypdyr, beýlekisi at münmek bilen meşgullanypdyr, ýene biri söýgüli futbol toparynyň janköýeri, başga biri bolsa sahnadaky çykyşlary üçin bedenini yzygiderli taplaýar. Emma olaryň ählisini bir maksat birleşdirýär — özlerini gowy fiziki görnüşde saklamak, öz-özüňi ýeňmek, tomaşaçylara güýç-kuwwat we ylham paýlamak.

«Aşgabat» köpugurly stadionynda saz bilen sport ýene-de bir gezek özboluşly sazlaşyk tapar — bu gezek baýramçylyk şatlygyna we täsirli çykyşlara bolan söýgä beslenen uly tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde.

 «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.