Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Talyplar sporty — sagdyn jemgyýetiň binýady

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy hem-de Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Bedew batly Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda talyplar sporty ösüş ýolunda» atly köpçülikleýin sport ýaryşlary geçirildi.

14—18-nji sentýabr aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport desgalarynda dowam eden giň gerimli çäreler ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, olary işjeň durmuş ýörelgesine çekmek, sagdyn durmuş kadalaryny berkitmek hem-de talyplar sportuny ösdürmek maksadyna gönükdirildi.

Ýaryşlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen ýygyndylar gatnaşdylar. Olar woleýbol, basketbol, futzal we stol tennisi boýunça özara güýç synanyşdylar. Sportuň bu görnüşleri boýunça geçirilen çekeleşikli duşuşyklarda ýaş türgenler özleriniň taýýarlyk derejesini, çalasynlygyny, çydamlylygyny we toparlaýyn hereket etmek başarnygyny görkezdiler.

Sport baýramçylygynyň çäklerinde talyplar sport klublarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty hem geçirildi. Onda ýokary okuw mekdeplerinde sport hereketini has-da ösdürmek, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin döredilýän mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäreleriň möhüm bölegini 18-nji sentýabrda geçirilen «Sport we ýaşlar – sagdyn jemgyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat düzdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilen maslahatyň umumy mejlisinde ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmeginde sportuň ähmiýeti, talyplar sportunyň häzirki ösüş ugurlary, köpçülikleýin bedenterbiýäniň jemgyýetçilik ähmiýeti barada pikir alşyldy.

Bu köpçülikleýin sport çäreleri ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda sport hereketiniň barha giň gerime eýe bolýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Ýaryşlaryň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sport meýdançalarynda özara bäsleşmek bilen bir hatarda, dostluk, agzybirlik, maksada okgunlylyk we ruhubelentlik ýaly gymmatlyklary hem dabaralandyrdylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen bu sport çäreleri ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygyny pugtalandyrmaga, talyplar sportunyň ösdürilmegine we jemgyýetde sportuň ähmiýetiniň has-da ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşdy.

www.sportcom.gov.tm