Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Arkadag» topary ýaryşy Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyndan üstün çykmak bilen başlady

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň 2026/27 möwsüminiň toparçalar tapgyryny üstünlikli başlady. «B» toparçanyň çäginde geçirilen ilkinji duşuşyk Arkadag şäherindäki 10 müň tomaşaça niýetlenen stadionda geçirildi. Onda ýerli topar Bahreýniň 36 gezek çempiony bolan «Al-Muharrak» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeke-täk ýeňiş goluny duşuşygyň 52-nji minutynda Mekan Saparow geçirdi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Şol bir wagtda geçirilen beýleki duşuşyk Täjigistanyň Gissar şäherindäki Merkezi stadionda, bitarap meýdançada geçirildi. Ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýän Eýranyň «Gol Gohar» topary BAE-niň «Al-Jazira» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

Birinji tapgyryň netijeleri boýunça «Arkadag» topary 3 utuk bilen «B» toparçada birinji orny eýeleýär. Ikinji we üçünji orunlary BAE-niň «Al-Jazira» hem-de Eýranyň «Gol Gohar» toparlary paýlaşýar. Olaryň hersiniň 1 utugy bar. Bahreýniň «Al-Muharrak» topary bolsa utuksyz iň soňky orunda ýerleşýär.

Ikinji tapgyryň duşuşyklary 14-nji oktýabrda geçiriler. «Arkadag» topary şol gün myhmançylykda «Al-Jazira» bilen duşuşar, «Al-Muharrak» bolsa öz meýdançasynda «Gol Gohar» toparyny kabul eder.

Ýaryşyň toparçalar tapgyry 9-njy dekabrda tamamlanar. Onuň netijeleri boýunça sekiz toparçanyň hersinden iň gowy iki topar utulan-çykdy tapgyryna çykar. Ýaryşyň final duşuşygy 2027-nji ýylyň 15-nji maýynda geçiriler.