Türkmen türgenleri Gazagystanyň Aktau şäherinde tamamlanan karateda boýunça Merkezi Aziýa çempionatynyň dürli derejeli medallarynyň 21-sine (4 altyn, 7 kümüş we 10 bürünç medal) mynasyp boldular.
Ýaryşa Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 421 karateçi gatnaşdy. Türgenler kadetleriň, ýetginjekleriň we ulularyň arasynda kata (gönükmeleri ýerine ýetirmek) we kumite (tutluşyklar) görnüşleri boýunça medallar ugrunda bäsleşdiler.
Tälimçiler Aýdyň Çaryýewiň, Esenbaý Ýazmedowyň, Maksat Atdaýewiň we Serdar Muhammetnazarowyň şägirtleri üstünlikli çykyş edip, ýaryşyň birinji gününde kata boýunça 12-13 ýaşlylaryň arasynda Muhammetresul Haýrullaýew altyn, 16-17 ýaşly ýaşlylaryň arasynda Allanur Ýalkabow kümüş, 10-11 ýaşlylaryň arasynda Musa Gurbanow hem-de Şirmuhammet Garrymyradow bürünç medallara mynasyp boldular. Ýaryşyň ikinji gününde kumite boýunça 12-13 ýaşlylaryň arasynda Safiýa Nazarowa (47 kg) we 10-11 ýaşlylaryň arasynda Leýli Hommatmyradowa (36 kg) altyn, Emir Gurbanow (+45 kg), Gülaýym Döwletowa (32 kg) hem-de Babageldi Myradow (40 kg) kümüş medallary gazandylar. 12-13 ýaşlylaryň arasynda Kasym Hallyýew (40 kg), Muhammetaly Atdaýew (50 kg), Anara Baratowa (47 kg) hem-de 10-11 ýaşlylaryň arasynda Şamuhammet Hojaýew (40 kg) bürünç medallary eýelediler.
Çempionatyň üçünji gününde hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna Alymuhammet Kakalyýew çykdy, ol 14-15 ýaşly oglanlaryň arasynda 63 kg çenli agram derejesinde tapawutlandy. Şol bir ýaş we agram derejesinde Remezan Gurbanow kümüş medala mynasyp boldy. 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda Gurbannazar Amandurdyýew (55 kg çenli) we Diana Gorinowa (66 kg çenli) dagy kümüş medal gazandylar.
14-15 ýaşlylaryň arasynda Remezan Orazmämmedow (57 kg çenli) we Nurana Amandurdyýewa (61 kg-den ýokary agram) bürünç medala mynasyp boldy. 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda Annaoraz Azadow (68 kg çenli) bürünç medala mynasyp boldy. Ýene bir bürünç medaly bolsa uly ýaşly türgenleriň arasynda 84 kg-den ýokary agram derejesinde Arslan Babanazarow gazandy.
«Türkmen sporty» gazeti