Türkmenistanyň küştçüsi Lala Şöhradowa 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatynda altyn we kümüş medallary gazanyp, milli sportumyzyň taryhyna ýene bir ajaýyp sahypany ýazdy. Aziýa yklymynyň 10 ýurdundan 157 sany ýaş küşt ussadyny bir ýere jemlän giň gerimli çempionat Hindistanyň Mumbaý şäherindäki «ITC Maratha» myhmanhanasynda geçirilýär. Abraýly ýaryşyň guramaçylary Maharaştra ştatynyň Küşt assosiasiýasy bolup, ýaryş Bütinindiýa küşt federasiýasynyň (AICF), Aziýanyň küşt federasiýasynyň (ACF) hem-de Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) howandarlygynda geçirilýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 20 ýaşly talyby, FIDE-niň zenan ussady (WFM) Lala Şöhradowa üstünlikli çykyşyna ýaryşyň ilkinji güni başlady. Ol ýaryşyň juda çalt (blis) görnüşi boýunça ilkinji başlangyç belgisi bilen çykyş edip, çekeleşikli bäsleşigiň netijesinde kümüş medala mynasyp boldy.
Indiki ýaryş küşt oýnunyň çalt (rapid) görnüşi boýunça çempionlyk ugrunda Hindistandan, Gazagystandan, Maldiwlerden, Nepaldan, Şri-Lankadan, Türkmenistandan we Özbegistandan gelen 60 sany güýçli küştçi bäsleşdi.
Ýedi tapgyryň netijesinde FIDE-niň reýtingi 2181 bolan Lala Şöhradowa mümkin bolan 7 utukdan 6 utuk toplap, ajaýyp netije görkezdi. Hindistanly küştçi Pratiti Bordoloi bilen deň utuk gazanan türkmenistanly türgen has ýokary goşmaça görkezijileriň hasabyna ýeňiş gazanyp, çempionlyk adyna eýe boldy. 5 utuk bilen Hindistanyň wekili Prişita Gupta ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp boldy.
20 ýaşa çenli ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionaty yklymyň iň abraýly ýaşlar ýaryşlarynyň biridir. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, dürli ýyllarda bu bäsleşigiň ýeňijileriniň arasynda Wişwanatan Anand, Abhijit Kunte we Tejas Bakre ýaly belli küştçüiler bar. Gyzlaryň arasynda bolsa Koneru Hampiniň, Tanýa Saçdöwanyň we Iwana Furtadonyň ady ýeňijileriň hatarynda agzalýar.