Ýaş türkmen tennisçisi Alihan Nurýagdyýew halkara meýdançasynda özüni ynamly tanatmagyny dowam etdirýär. Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda guralan abraýly halkara «Astana Masters 10&Under GA «Kubok Akima» Round to TOP 8» ýaryşynda «Aşgabat» tennis akademiýasynyň 8 ýaşly türgeni ýekelikdäki ýaryşda altyn medala, jübütleýin ýaryşda bolsa bürünç medala mynasyp bolup, öz ýaş toparynyň iň güýçli oýunçylarynyň biri hökmündäki derejesini ýene bir gezek tassyklady. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Ýaryşlar «Daulet» tennis merkeziniň meýdançalarynda geçirilip, oňa 10 ýaşa çenli ýaş toparynyň iň ökde tennisçileri gatnaşdy. Bäsleşikler Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) düzgünlerine laýyklykda guraldy. Ýekelikdäki ýaryşyň esasy torunda 64-e çenli türgen, jübütleýin ýaryşda bolsa 32 jübüt çykyş etdi. Munuň özi ýaryşyň ýokary derejede bäsdeşlikli geçmegine şert döretdi.
Alihan, aýratyn-da, ýekelikdäki duşuşykda örän üstünlikli çykyş etdi. Bu ýaryş kämilleşdirilen olimpiýa ulgamy boýunça geçirilip, onda ähli orunlar ugrunda bäsleşdiler. Her duşuşyk dört oýun utulýança dowam edýän iki setden ybarat boldy.
13-nji belgi bilen çykyş eden Alihan Nurýagdyýew altyn medala barýan ýolda alty ýeňişli duşuşyk geçirdi. Ol tutuş ýaryşyň dowamynda ynamly oýun, kämil tehnika we ýokary psihologik durnuklylygyny görkezip, çempionlyk derejesine mynasypdygyny subut etdi.
Alihan üç sany aýgytlaýjy duşuşykda – çärýek finalda, ýarym finalda we finalda garşydaşlaryna bary-ýogy bir oýny bermek bilen çäklendi. Munuň özi onuň ýokary derejeli taýýarlygyny we ýaryşyň iň jogapkärli pursatlarynda ynamly çykyş edendigini görkezýär.
Alihanyň jübütleýin ýaryşyndaky çykyşy hem üstünlikli boldy. Ol Astanadan bolan gazagystanly tennisçi Akmal Izbasarow bilen bilelikde ýarym finala çenli ýetdi. Soňra üçünji orun ugrundaky duşuşykda Gazagystanyň Nikita Pan / Amirali Žunusow jübütini 4:2, 4:2 hasabynda ýeňip, halkara ýaryşyň bürünç medallaryna mynasyp boldular.
Astanadaky ýeňiş Alihanyň 2026-njy ýylyň 25 – 30-njy maýy aralygynda Aktobe şäherinde geçirilen halkara «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» ýaryşyndaky ajaýyp çykyşynyň mynasyp dowamydyr.
Şonda 8 ýaşly türkmen tennisçisi hakyky täzelik döredip, birbada iki altyn medala – ýekelikde we jübütleýin derejelerde ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, yzly-yzyna geçirilen iki sany halkara ýaryşda Alihan Nurýagdyýew jemi dört medala eýe boldy. Olaryň üçüsi altyn, biri bolsa bürünç medaldyr.
24-nji oktýabrda 9 ýaşyny doldurjak Alihan Nurýagdyýew häzirki wagtda Türkmenistanyň iň geljegi uly ýaş tennisçileriniň hataryna girýär. Ol A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän orta mekdebiniň 2-nji synpynda okaýar we okuwyny güýçli türgenleşikler hem-de halkara ýaryşlara gatnaşmak bilen üstünlikli utgaşdyrýar.
Ýaş tennisçiniň sport taýdan kämilleşmeginde onuň tälimçileri – Ýuriý Rogusskiý we Meýlis Orazmuhammedow uly goşant goşýarlar. Olaryň ýolbaşçylygynda Alihan tehniki ussatlygyny, taktiki pikirlenişini we psihologik durnuklylygyny yzygiderli ösdürýär.