«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 19-njy awgustynda paýtagtymyz Aşgabatda öz işine başlan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde «Kids Expo Chess Cup 2026» halkara küşt ýaryşy açyldy.19-20-nji awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň meýdançasynda geçirilen bu bäsleşik hakyky akyl-paýhas hem-de tizlik bäsleşigine öwrüldi. Halkara guramalar bilen bilelikde guralan ýaryşa dünýäniň 8 döwletinden 94 sany ýaş küştçi gatnaşyp, rapid (çalt küşt) we blitz (çalt oýun) boýunça iň güýçlüleri ýüze çykardylar.
Halkara ýaryşyň dowamynda 8, 10 we 12 (U8, U10, U12) ýaş derejesinde medallaryň 12 toplumy ugrunda çekeleşikli oýunlar geçirildi. Ýaryşyň jemleri boýunça umumy 36 medal 5 döwletiň türgenleriniň paýyna düşdi. Umumy toparlaýyn hasapda bolsa Türkmenistanyň ýaş küştçüleri ajaýyp ýeňiş gazandylar.
Bäsleşigiň möhüm pursady liderleriň görkezen ýokary taýýarlygy boldy. Birbada üç türgen öz ýaş derejelerinde hem rapid hem blitz görnüşleri boýunça absolýut çempion boldular.
Gyzlaryň uly ýaş toparynda türkmenistanly Dilber Hupbyýewa (U12) garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik galdyrman, özüniň ajaýyp taktikasy bilen birinji orny eýeledi.
Eýranly küştçi Kiaşa Mahbubi (U10) ähli döwlerde sabyrlylyk görkezip, iki ugurda hem altyn medala mynasyp boldy.
Ýene-de bir eýranly küştçi Sadra Roşantab 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda ýokary ussatlyk görkezip, rapidde we blitzde altyn medallary eýelemegi başardy.
Bu ýaryşda türkmen küşt mekdebiniň ýaşajyk wekilleri üstünlikli çykyş etdiler.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy özüniň örän ýokary taýýarlykly gelendigini subut etdi. Biziň türgenlerimiz mümkin bolan 36 medaldan 24 medal gazandylar.
Örän gyzykly bäsleşik 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçdi: rapid boýunça altyn medaly gazagystanly Zakarýa Amirowa aldyran türgenimiz Begmyrat Agamämmedow blitz görnüşinde altyn medaly eýelemegi başardy. 8 ýaşa çenli gyzlaryň rapid bäsleşiginde bolsa türkmenistanly küştçüler Laçyn Isaýewa, Bahar Jumaýewa we Çynar Pirkulyýewa ähli üç baýrakly orunlary eýelediler.
Ýeňijilere baýraklary gowşuran daşary ýurtly myhmanlaryň düzümi «Kids Expo-Chess Cup» ýaryşynyň ýokary derejesini aýratyn dabaralandyran waka öwrüldi. Ýeňijileri Halkara mekdep küşt federasiýasynyň (ISCF) Baş direktory Alina Dworeskaýa, Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň birinji wise-prezidenti Darmen Sadwakasow, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew, FIDE-niň prezidentiniň geňeşçisi Sami Hader, şeýle hem Müsür, Şri-Lanka, Azerbaýjan, Bruneý, Pakistan, Tunis, Siriýa we Liwiýa ýaly döwletleriň küşt federasiýalarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
Türkmenistanyň ýaş küştçileri 2026-njy ýylda "Kids Expo Chess Cup" ýaryşynda 24 medal gazandylar
«Türkmen sporty» gazeti