Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanly türgenleriň Yssyk-köldäki ýeňişleri

Gyrgyz Respublikasynda – Yssyk-kölüň kenarynda ýetginjek oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda küşt boýunça Merkezi we Demirgazyk Aziýa çempionaty geçirildi. Ýaryşa sebitiň alty ýurdundan wekiller gatnaşdylar.

Ýaryş rapid (çalt oýnamak) boýunça bäsleşikler bilen başlandy. Şonda türkmen küştçüleri örän netijeli çykyş edip, 2 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medal gazanmagy başardylar.

Ýaryş şweýsar usuly boýunça 7 tapgyrda geçirildi. Wagt gözegçiligi bolsa her oýun üçin 10 minut we her göçüme 5 sekunt goşulmagy bilen amala aşyryldy.

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Merýem Rustemowa mümkin bolan 7 utukdan 6-syny toplap, altyn medal gazandy. Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Bägül Jumaýewa hem (6,5 utuk) altyn medala mynasyp boldy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Amanmuhammet Hommadow (5 utuk) hem kümüş medal eýelemegi başardy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa 5 utuk toplady we kümüş medal gazandy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 31-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Aýýa Baýramowa (5,5 utuk) bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmen küştçüleriniň çempionatdaky şowly çykyşy ýurdumyzyň ýaş türgenleriniň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny ýene bir gezek tassyklady we milli mekdebimiziň halkara arenasyndaky nobatdaky üstünligine öwrüldi.

 

«Türkmen sporty» gazeti