Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryş Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Awtomobil sporty federasiýasy, Içeri işler ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy.
Bäsleşige ýurdumyzyň degişli federasiýasyna we ministrliklerine, şol sanda Awtomobil ulaglary ministrligine wekilçilik edýän ekipažlar gatnaşdy.
Umumy dowamlygy 358 kilometre barabar bolan iki günlük ýaryş Garagum sährasynyň iň çylşyrymly ýerlerinden geçdi. Onuň ugry iki tapgyra bölünip, birinji tizlikli bölegiň aralygy 181,32 km, ikinji tapgyryňky bolsa 61,43 km boldy.
Çempionatda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Baýram Annagulyýew öňdeligi eýeledi. Ol «Nissan Patrol» awtomobilinde bellenilen aralygy 3 sagat 39 minut 56 sekuntda geçmegi başardy.
Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekili Merdan Toýlyýew «Nissan Patrol» ulagynda 3 sagat 46 minut 1 sekunt netije bilen 2-nji, «Toyota Hilux» awtomobili bilen pellehana 4 sagat 2 minutda gelen Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri Çaryýar Çaryýarow 3-nji orunlara mynasyp boldular.
«Türkmen sporty» gazeti