Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen türgenleri halkara ýaryşynda erkin göreş boýunça toparlaýyn birinji orny eýelediler

Rumyniýa döwletiniň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda erkin we grek-rim göreşi boýunça “Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç” adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Agzalan ýaryşa dürli döwletlerden gatnaşan türgenleriň arasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekilleri ýokary derejede çykyş edip, umumylykda 13 medal gazandylar. Şol sanda, erkin göreş boýunça 14 döwletiň arasynda medal hasaby boýunça birinji orny eýeläp, ýurdumyzyň sportda gazanan üstünliklerine goşant goşdular. Jemi erkin we grek-rim göreşi boýunça 4 altyn, 6 kümüş we 3 bürünç medallaryny gazandylar.

Ýaryşa gatnaşan ýaşlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sagdyn durmuş ýörelgesini, ýokary derejeli sporty ösdürmäge berýän uly ünsleri, şeýle-de halkara derejeli sport çärelerine gatnaşmaga döredýän uly mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

www.turkmenistan.gov.tm