Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Boksçy türgenleriň netijeleri

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde boks boýunça ýaşlaryň arasynda (U19) geçirilen Dünýä kubogyna gatnaşyp, bürünç medallaryň ikisine eýe boldular.

Dünýäniň 78 döwletinden 450-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilen Kubok bäsleşiklerinde 75 kilogram agram derejesinde çykyş eden Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Orazmyradow, şeýle-de 90 kilogram agram derejesinde çykyş eden Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Söýünaly Öwezgeldiýew, tutluşyklarda ynamly hereket etmek bilen, 3-nji orunlary eýelediler.

www.sportcom.gov.tm